Salam, saıtyň lukmanlary! Nesip bolsa, ıene-de tomus
Transkrypt
Salam, saıtyň lukmanlary! Nesip bolsa, ıene-de tomus
PIWO?... Ýazan: Lukman Duşenbe, 25 Mart 2013 03:00 Salam, saýtyň lukmanlary! Nesip bolsa, ýene-de tomus geler. Onsoň öňden gelýän piwo içişlik hem başlar. Men henize çenli piwo içip göremok, ýöne içäýsem diýip pikirlenýarin. Onuň zyýany, eger bar bolsa, peýdasy, ony häýsy möçberde içip bolýandygy barada gürrüň berseňiz hoşal bolardyk. Saýtyň okyjysy. Hormatly okyjy! Gadym zamanlardan bäri, piwo içgisine işdäňi açýan, fiziki ösüşi tijendirýän hem-de saglygy berkidýän serişde hökmünde seredipdirler. Biziň döwrümizde piwo öz düzümi, tagamy, reňki we bedene edýän täsiri bilen has tapawutlanýan bolsa-da, barlagçylar onuň köpsanly taraplaryny belleýärler: ► Piwo kaliý mineralyna baý bolup, ol natriý mineralyny az saklaýandyr. Şonuň üçin ony nahar duzuny çäklendirmeli bolýan näsaglara hem-de ýokary gan basyşly adamlara içmek gadagan edilmeýär. 1/3 PIWO?... Ýazan: Lukman Duşenbe, 25 Mart 2013 03:00 ► Piwo kaliý, fosfor,magniý, demir, mis, sink minerallaryna, foliý turşulygyna, witamin B1, B2, C witaminlerine baý içgidir. ► Piwo içgisindäki limon turşulygy bedende peşew emele gelmäni tijendirip, böwreklerde daşyň emele gelmeginiň öňüni alýandyr. ► Piwodaky fenol birleşmeleri- onuň has gymmatly düzüm bölegidir. Olar ýag çalşygyny kadalaşdyryp, hem-de gan lagtalanmalarynyň emele gelşiniň öňüni alyp, bize beýnä gan inme, ýöregiň infarkt keselinden goranmaga kömek edýändir. ► Içgidäki kömürturşy gazy aşgazan şiresiniň emele gelmeginiň hem-de böwregiň, bagryň, myşsalaryň gan aýlanşygyny tijendirýär. Şonuň ýaly-da, ol bizi bu içgini birden içmekden saklap, serhoş bolmak ýagdaýyndan goraýar. Ýöne bu içginiň ýaramaz taraplarynyň üstünde hem durup geçmelidir: ► Piwo içgisi ýürege agram salyp, onuň dartgynly işlemegine getirýär. Netije-de ol ulalyp, "piwoly ýüregiň" döremegine getirýär. ► Piwo köp kabul edilende, bedende erkeklik gormonynyň emele gelmegini basyp ýatyrýan maddalar işläp çykarylyp, olar aýal gormonlarynyň köpelmegine getirýär. Ondan başga-da, piwoda saklanýan huşly gunça (hmel) ösümligi hem aýal estrogenleriniň köp işläp çykmagyna itergi berip bilýändir. Estrogenleriň agdyklyk etmegi bolsa erkek adamda çanaklygyň, süýt mäzleriniň ulalmagyna getirip biler. ► Piwo işdäňi açyp, iýmitiň köp kabul edilmegine getirýär. Bu içginiň muşdaklarynyň aglabasy artykmaç agramlylykdan ejir çekýändirler. ► Piwo içgisiniň köşeşdiriji häsiýeti adamyň oňa çalt öwrenişmegine getirip biler. Biraz wagtdan soň adam bir bulgur piwosyz dynç alyp hem bilmeýär. 2/3 PIWO?... Ýazan: Lukman Duşenbe, 25 Mart 2013 03:00 Ýazylanlary okap. "Piwo içgisini içmelimi ýa-da ýok?" diýen soragy bermegiňiz mümkindir. Belli bir çäkliligi saklap, bu içgiden lezzet alyp bolar. Piwoda saklanýan etil spirtiniň derejesine baglylykda, onuň ortaça kabul edilmeli bir gündäki mukdary 0,5 litre deňdir. 12% alkogol saklaýan piwo içgisiniň kabul edilmeli mukdary ondan hem az bolmalydyr. Hormat bilen, saýtyň lukmany. 3/3